[gy:şartmak]
Egreltmek, kesertmek.
Agzyny gyşardyp, düşnüksiz samrady, kimedir sögdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Onuň şofýory kerpiç düşürilýen ýere ýetip-ýetmen, maşynyň kuzowyny aşaklygyna gyşartdy-da, kerpiçleri agdaryp goýberdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gyşartmak - gyşardýar, gyşardar, gyşardypdyr.
seret gaňňa
Ýoldaş, sen gaňňaňy gyşartma!