gyşarmak işlik

[gy:şarmak]

  1. Bir gapdala ýaplanybrak, keseribräk durmak.

    • Begenjiň bir ýanlygyna gyşaran gowaça gözi düşdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Dikilen agaçlar gyşarypdyr.

  2. Ýatmak, uklamak.

    • Halnazar hiç ýerde ugur tapman, irden gyşarmaga mejbur boldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Firidun harmanyň gapdalynda, heniz döwülmedik bugdaýyň ýanynda gyşarypdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Soňra bolsa batga batan öküz ýaly haşlap, eýwanyň gabadyndaky agaç tagtanyň üstünde gyşardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Göni ýoldan bir gapdala sowulmak, göni ýoldan çykmak.

    • Bir gradus gyşarsaň, agyr batgalyga çümersiň. (A. Gowşudow, Eserler)

  4. Kine etmek, öýkelemek.

    • Näme menden ýüzüňi sowup, gyşaryp ýörsüň?