gyňyr

Ýüzi agyr, gagal, hyrsyz.

  • Wäşi ýigitlerden biri Balla degip güldi: -- Bä, bu gelin şu wagtdan şeýle gyňyr görünýär-le! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Mähri şeýle gyňyr we irimçik hem manyly gepledi welin, onuň sözleri kalbynda adamkärçilik ysy bar adamynyň ýüzüni ýakyp-ýandyrardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem gyňyr - gyňry.