gyňaç gy‧ňaç

[gy:ňaç]

Durmuşa çykan Türkmen aýal maşgalalarynyň başyna oranýan ýaglygy, uzyn matasy.

  • Gyňaçlaryny Meleguşuň guýrugy ýaly edip, Sadap Baý, Mehinli, Ataýry gelin onuň yzyna düşdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Mama ýagjymak ýüzüni gyňajynyň ujy bilen süpürenden soň, haşylap dem aldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ataýry gelin gyňajyny galgadyp, oňa bakan topuldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Nabat bozulandygyny duýdurmajak bolup, köne çit gyňajynyň çowy bilen gözlerini süpürdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gyňaç - gyňajy.


Duş gelýän formalary
  • gyňaja
  • gyňajam
  • gyňajy
  • gyňajymy
  • gyňajyna
  • gyňajynam
  • gyňajyny
  • gyňajynyň
  • gyňajyň
  • gyňaçlar
  • gyňaçlara
  • gyňaçlary
  • gyňaçlaryny
  • gyňaçlarynyň
  • gyňaçlaryň
  • gyňaçly
  • gyňaçlygyň
  • gyňaçlyk
  • gyňaçlym
  • gyňaçmy