gyýyk

Göni däl, gyşyk.

  • Şol wagtda bolsa saryýagyz wäşi gelin gyýyk garady-da, ýanyndakylara pyşyrdady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Bir gezek, gowaça bir gezek, Begenje gyýyk garap, enaýy ýylgyryşy Begenje bir hili gaýrat getirdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Soltansöýün Gülüň özüne gyýyk garaýanyny aňypdyr. (Myraly)

  • Matanyň bu çeti gyýyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gyýyk - gyýygy.