gyýmak işlik

  1. Kesip ýaralamak, dilmek ýa-da ýyrtmak.

    • Pyçak onuň eliniň aýasyny biraz gyýdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Gamşy gowşak tutan, eliňi gyýar. (nakyl)

  2. Bitewi matanyň ujundan zolaklaýyn gyýa kesmek.

    • Matanyň ujundan sähelçe gyýyp aýrypdyrlar.

nika gyýmak

seret nika

  • Eşider bolsaň, agam jan, nika gyýyp, bizi palasyň aňyrsyna saldylar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

ýüregini gyýmak

seret ýürek 1

  • Pökgi Walanyň sözi Halnazaryň ýüregini gyýsa-da, ol bu sapar çydamlylyk etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ýigrimi iki ýaşly gerçek oglunyň keşbi gözüniň öňünde uçganaklaýar, onuň ýüregini gyýýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýüregiň gyýmak

seret ýürek 1

  • Onuň şu bolup durşuna seniň ýüregiň gyýýarmy?


Duş gelýän formalary
  • gyýalyň
  • gyýan
  • gyýanok
  • gyýanyny
  • gyýar
  • gyýardy
  • gyýarys
  • gyýasym
  • gyýdy
  • gyýdy-da
  • gyýdylar
  • gyýdymy
  • gyýdyr
  • gyýdyň
  • gyýdyňmy
  • gyýjak
  • gyýma
  • gyýmady
  • gyýmadyk
  • gyýmaga
  • gyýmagyň
  • gyýmak
  • gyýmakda
  • gyýmaly
  • gyýmalymy
  • gyýman
  • gyýmasalar
  • gyýmasynlar
  • gyýmaz
  • gyýmazlykdan
  • gyýmazym
  • gyýmazyň
  • gyýmaýar
  • gyýyp
  • gyýypdyrlar
  • gyýyplar
  • gyýypsyň
  • gyýýan
  • gyýýar
  • gyýýardy
  • gyýýarlar