Kese, ýanyn, gyşyk.
Çäkmeni gyýa ýapynyp ýatan Meret çäkmeniň syýyny ýüzünden serpdi-de galdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Gara gözüň bilen gyýa gaşyňy, Kütelmejek akyl-huşuňy söýýän. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
Gözüň çeti bilen seretmek, närazylyk bilen garamak.
Laçyn kibi gyýa bakdym, Örtedim janymy ýakdym. («Görogly» eposy)
Gyýa bakyp, ýeňin dişläp, Senem geldi, sonam geldi. («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»)
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.