gyýçak

Daşy düz däl, çüňk-çüňk, gyýyk.

  • Darajyk gysby ýodanyň gyýçak daşlary düýeleriň ýasy dabanlarynyň astynda şakyrdaýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Bir tarapyň gaýanyň gyýçak daşlary, ikinji tarapyň bolsa çuň jülgedi. (A. Gowşudow, Eserler)

  • Ol öňünde keserip ýatan gyýçak daşyň üstünden zordan towsup geçdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Gyz çykarylan ýerden «ogurlap» gaýdan ala käsesi goltugynda döwlüpdir-de, şonuň bir gyýçagynyň ýyrtan ýeri bolup çykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gyýçak - gyýçagy.

gyýçak göz

seret göz

  • Ol gyýçak gara gözlerini güldürip: --Biziňki adam owgandyr -- diýip, çalgyrt dil bilen jogap berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)