guzy

  1. Zoologiýa Goýnuň alty aýa çenli döwürdäki kiçijik çagasy.

    • Men nirä barsam, ýa-ha guzy, ýa-da tokly soýýarlar! . (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Göçme manyda «Balam, oglum, janym» diýen manyda ulanylýan söz.

    • Bar bolaweri, guzym! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Artyk jan, özüňi beýle horlama, guzym! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem guzy - guzuda, guzular, guzusy.