guwanç

Bir zada bolan begenç, şatlyk, buýsanç.

  • Onun ýigrenji şakyrdysy Artygyň guwanjyny kesdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ynha seniň dost ýarlaryn ýygnanyp, Guwanç bilen ugraýarlar Moskwa. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem guwanç - guwanjy.