gutulmak işlik

  1. Keselden açylmak, sagalmak.

    • Demi düşýär, baran gutulýar ölmän. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Howpdan halas bolmak, howpdan sypmak, dynmak.

    • Ýalan sözleseň, tutularsyň, düz sözleseň, gutularsyň. (nakyl)

ujyz gutulmak

Özüňe şikes ýetirtmän sypmak, aňsatlyk bilen gutulmak.

  • Sary bu sapar ujyz gutulypdyr -- diýdim. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)