gutarmak işlik

  1. Zat galmazlyk, tükenmek, baýamak.

    • Meniň gözel döwranym gutardy. («Tokmak» žurnaly)

  2. Bes etmek, tamamlamak, tükellemek.

    • Gürrüňi gutarmak.

  3. Aladadan, işden we ş. m. halas etmek, dyndarmak.

    • Muny gapy-gapy elenip ýörmekden gutaralyň. («Görogly» eposy)

  4. Göçme manyda Aradan çykmak, ýogalmak, ölmek.

  5. Kömekçi işlik funksiýasynda ysnyşyp gelýan işligi bilen birlikde, gymyldynyň bolup gutaranyny görkezýär.

    • Suwaryp gutarmak, aýdyp gutarmak.