gury1

[gu:ry]

Öl däl, öl degmedik, çygy ýok bolan, çygsyz.

  • Agşamdaky gury ýol bolsa ýeriň yzgaryny has hem kepdirdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Gury agaçlar ýanar, söner, öl agaçdan hasyl öner. (nakyl)

  • Gury agajy egmegin, degmedige degmegin. (nakyl)

  • Öl tezek, gury tezek, özüne-de geler gezek. (nakyl)

  • Gurynyň oduna öl ýanar. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem gury - guruda, gurular, gurusy.

gury2

[gu:ry]

Biderek, netijesiz ýöne.

  • Gury gidip gelenim galdy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem gury - guruda, gurular, gurusy.

gury hyýal

seret hyýal

  • Bu hereketleriň hemmesi gury ýa-da bir süýji düýşe meňzeýän bir zatlardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

gury söz

Biderek, boş söz.

  • Gury sözden palaw bolmaz, ýag bilen tüwüsi bolmasa. (nakyl)