gurulmak işlik

  1. Bina edilmek, salynmak, dikilmek (jaý we ş. m. hakda).

    • Maldarçylyk jaýlary barha köp gurulýar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  2. Tow berilmek, sazlanyp goýulmak, herekete geçirilmek (saga hakda).

  3. Gurup goýulmak, (gapan, hepbik, çirtmek we ş. m.).

    • Tilki tutmak üçin gapan guruldy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem gurulmak - gurlar, gurlupdyr.