guruşmak gu‧ruş‧mak işlik

  1. Gurmaga kömekleşmek, gurmaga kömek etmek, salyşmak.

    • Zawod, fabrik guruşmak.ş.

  2. Bir sebäbe görä eliňden, aýagyňdan we ş. m. ysgynsyzlyk ýüze çykyp, jümşüldi peýda bolmak, el-aýagyň we ş. m. doňan ýaly bolmak.

    • Onuň endam-jany gurşan ýaly bolup durýardy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Gylyç Gajar ogly aýazda at münüp aýagy gurşan ýaly gowadaklap, tagtanyň ýanyna geldi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem guruşmak - gurşar, gurşupdyr.


Duş gelýän formalary
  • guruşdy
  • guruşmak
  • guruşýan
  • guruşýar
  • gurşan
  • gurşandygyny
  • gurşanok
  • gurşanyň
  • gurşaýan
  • gurşup
  • gurşupdyr