gurt1

Togalanyp guradylan süzme, guran tokga süzme.

  • Gurt sermek.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gurt - gurdum, gurduň.

gurt bolmak

Gaty üşemek, sowukda gatap galmak; daş ýaly bolmak.

  • Daşarda galan towuk agşamky aýazda gurt bolupdyr.

gurt etmek

Bir zady sowup gutarmak, harçlap gutarmak, biriniň zadyny «iýmek» (almak).

  • Eşiden bolsam men ony gurt etmeg-ä beýlede dursun, şol bada aşa gatyk etmeýänmi? («Sowet Edebiýat» žurnaly)

gurt2

[gu:rt]

seret möjek 1

  • Gurt arkasyndan guş doýmuş. (nakyl)

  • Gurt gören itiň agzy bir bolar. (nakyl)

  • Gurt agzasaň, gurt geler. (nakyl)

  • Gurt bilen goýun guda bolmaz; guda bolsa-da goýun gülmez. (nakyl)

  • Sürüden aýrylan goýny gurt gapar. (nakyl)

  • At ýortuşda belli, gurt-ýyrtyşda. (nakyl)

  • Gurtdan gorkan tokaýa girmez. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gurt - gurdum, gurduň.

gurt ýaly adam

seret adam

gurtmusyň, tilki?

Tabşyrylan işiň ýerine ýetirilendigini ýa-da ýetirilmändigini bilmek üçin berilýan sorag.

gurt3

[gu:rt]

Zoologiýa Siňegiň tohumyndan emele gelýan aýaksyz, göwresi bilen süýşýän süňksüz möjejik.

  • Hawa, agajy gurt öz içinden iýýändir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ete gurt düşüpdir.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gurt - gurdum, gurduň.

ýere gurt düşen ýaly

seret ýer