gurruk

  1. Ulanylman taşlanan guýy, gömlüp galan suwsuz çuň guýy, çukur.

    • Günleriň birinde bir tilki çöl meýdanda çapyp ýörkä, birden gurrugyň içine düşüpdir. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

    • Eňkamy giden sygyrlar gurruk guýularyň daşyna egelendi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göçme manyda Süýdi juda az berýän, süýtsüz (sygyr hakda).

    • Daýhany saga-saga gurruk sygra dönderdiňiz. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gurruk - gurrugy.