gurp at

  1. Güýç, kuwwat, gurbat.

    • Haýwanam soýjak bolanyňda, öz gurbuna görä garşylyk görkezýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Jygaly beg gurby ýeten sowgadyny göterip, Hünkar soltanyň ýanyna salama bardy. («Görogly» eposy)

  2. Mal, mülk, baýlyk.

    • Göwün diýýänini etmek üçin gurp gerek.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gurp - gurbum, gurbuň.

gurba getirmek

Güýje girizme, gaýrata galdyrmak.

  • Aýnanyň hopugyp çykan sesi Nurjahany gurba getirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gurpdan düşmek

  1. Mätäçlik çekmek, garyplaşmak.

    • Sen gelin edinip has hem gurpdan düşensiň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Kesellilik zerarly ysgyndan gaçmak, nähoşlamak.

    • Sen halys gurpdan düşüpsiň.

gurpdan salmak

Güýjüne zyýan ýetirmek, güýjüni kemeltmek.

  • Ýigrimi sany soldat öldüreniňiz bilen patyşany gurpdan saldygyňyz boldumy? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • gurba
  • gurbum
  • gurbumyz
  • gurbumyzyň
  • gurbuna
  • gurbundan
  • gurbuny
  • gurbunyň
  • gurbuň
  • gurbuňyzyň
  • gurby
  • gurpdan
  • gurplary
  • gurpludy
  • gurplulary
  • gurplulygy
  • gurplulygyna
  • gurplulygynda
  • gurplulygyny
  • gurplulygynyň
  • gurplulyk
  • gurply
  • gurpsuz
  • gurpsuzlyk