guratmak işlik

[gu:ratmak]

  1. Öl, çyg ýerini gury etmek, gury hala öwürmek, sarykdyrmak.

    • Peçiň başynda ýylnyp, dolaklaryňyzy guradyp bilersiňiz. (H. Ysmaýylow, Powestler)

    • Öl bolan köýnegi guratmak. Çig çeken ýüňi guratmak.

  2. Guramagyna sebap bolmak.

    • Yzly-yzyna birnäçe gün epgek össe, heniz eýikmedik gowaçany guratjakdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Agaçlary idetmän guratmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem guratmak - guradýar, guradar, guradypdyr.

gulak etini guratmak

seret gulak

  • Bular gurluşyk diýip, gulak etimi guratdylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)