gurat

  1. Syrkaw däl, nähoş däl, jany sag, sagdyn.

    • Men gaty gurat, janym sag.

  2. Hor däl, etli-ganly, semiz.

    • Goýun gurat bolanda bir hepdeläp çöpleriň ujuny çirteni bilen oňýar. («Kolhoz Günleri»)

  3. Gurply hojalygy bolan, kem zady ýok, barly.

    • Olar gurat ýaşaýarlar.

  4. Saz işleýän, bozulmadyk, abat.

    • Maşynyň nähili, guratmy?

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gurat - gurady.