guraklyk

Uzak wagtlap ygal düşmezlik, gar, ýagyş ýagmazlyk zerarly meýdanda ot-çöp gögermezlik ýagdaýy.

  • On ýedinji ýylyň guraklygy Garagumuň durmuşyny hem ölüm halyna getiripdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ona gopgunly günler hem, Aýnanyň agyr haly hem, Tejeniň guraklygy hem täsir etmändi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Işinde ýadaman, sen görkez hünär, Guraklyk ýok bolsun, suwsuzlyk gaçsyn. (R. Alyýew, Kommunizm ýolunda)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem guraklyk - guraklygy.