gurak

  1. Ýagyşsyz, ýagmyrsyz, ygalsyz (ýyl we ş. m. barada).

    • Öten ýyl meýdan gaty gurak boldy.

  2. Yzgarsyz, çygsyz, nemsiz.

    • Gurçuk tutulýan jaýdaky howanyň gaty gurak bolmagy-da maslahat berilmeýär.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gurak - guragy.