Toýun ýaly özli bolman, pytrap ýatan çägesöw toprak, gum.
Siz aýak astyna ýelmeşen gumbaýrak palçykdan enaýymy? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Böwediň gumbaýrak bolsa dogry. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gumbaýrak - gumbaýragy.