gum

  1. Biziň planetamyzyň, ýeriň gabygynyň daşky gatlagy.

    • Sähet gahar bilen pilini ýere urup, gum atmaga başlady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Onuň üsti başy gum, maňlaýy hem çilik ýaly galyp, ganjaryp durdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Giden çägelik meýdan, çäge toprakly çöl ýerler.

    • Çerkez sürüleri möjekden goramaga guma giden kolhozçylaryň biridir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ýene ol kolhozyň goýunlary diýip guma gidýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Gumda dürli haýwanlar ýaşaýar.

    • Geçen dynç güni guma oduna gitdik.

  3. Tozan, çan, kirşen.

    • Üstüň-başyň gum bolupdyr.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem gum - gumum, gumuň.

başyňdan gum sowurmak

seret baş