gulpak

  1. Galapyn ýaşajyk gyzlaryň kellesiniň iki gapdalyndan goýulýan çogdam saç.

    • Maýsa uzynja gulpaklaryny ýaňyja örüpdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Gyzymyň garaja gulpaklaryny ýuwdum. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Umuman örülen saç.

  3. Gyňaja salynýan şah şekilli nagyş.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gulpak - gulpagy.