gulp 1 at

Bir zadyň agzyny gulplamak üçin açar bilen baglanylýan we açylýan demir gural.

  • Bu açarlaryň hiçbiri-de bu gulpa laýyk gelmedi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem gulp - gulpum, gulpuň.

gulp urmak

Gulp bilen berkitmek, gulplamak.

  • Gapa gulp urmak.

  • Dükanyň agzyna gulp urmak.

gulp 2 at

  1. Käbir gaplaryň gapdalyndaky el tutary.

    • Ojagyna ders döküp otlary we ojagyň üstünde gulpy döwük gara kitiri goýdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Wüşi kel sytoluň üstünde duran ullakan kitiriň gulpuna ýapyşdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Apbasy ýaly käbir Türkmen şaýlarynyň gapdalyna berkidilýän halka.

    • Apbasymyň gulpy döwlüpdir.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem gulp - gulpum, gulpuň.


Duş gelýän formalary
  • gulpa
  • gulpam
  • gulpdan
  • gulpdugy
  • gulplar
  • gulplary
  • gulplarynyň
  • gulplaryň
  • gulpludy
  • gulpludyr
  • gulply
  • gulpsuz
  • gulpuna
  • gulpundan
  • gulpuny
  • gulpunyň
  • gulpuň
  • gulpy