gulluk at

  1. Gullukçynyň iş wezipesi, işleýän ýeri, orny.

    • Ol özünden gullugy kiçiräk adamlary görende, rüstemçe gürleýär. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Harby borçlulyk wezipäňi berjaý etmeklik.

    • Ol ýene-de birnäçe wagtdan soň, Gyzyl Goşun gullugyna gitjek. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gulluk - gullugy.

gulluk etmek

Hyzmat etmek, myhmanlara oňat gulluk etmek.

gulluk!

Hyzmata taýýardyryn diýmek.


Duş gelýän formalary
  • gulluga
  • gullugy
  • gullugydyr
  • gullugymda
  • gullugymyzyň
  • gullugyn
  • gullugyna
  • gullugynda
  • gullugyndaky
  • gullugyndan
  • gullugyny
  • gullugynyň
  • gullugyň
  • gullugyňa
  • gullugyňam
  • gullugyňky
  • gullugyňy
  • gullugyňyzy
  • gullugyňyzyň
  • gullukda
  • gullukdaky
  • gullukdakylar
  • gullukdakylaryň
  • gullukdan
  • gulluklar
  • gulluklara
  • gulluklaram
  • gulluklarda
  • gulluklardaky
  • gulluklardan
  • gulluklardyr
  • gulluklary
  • gulluklarymyz
  • gulluklaryn
  • gulluklaryna
  • gulluklarynda
  • gulluklaryndan
  • gulluklaryny
  • gulluklarynyň
  • gulluklaryň
  • gullukça