gulak gu‧lak

  1. Ses eşidiş organy.

    • Gulagyň garny bolmaz, siňegiň -- erni. (nakyl)

    • Gulak eşidenini göz görmesin. (nakyl)

  2. Saz gurallarynyň sapynyň ujundaky kiriş berkidilýän ýeri.

    • Tamdyranyň gulagy.

  3. Aýak basmak üçin piliň gapdalyna berkidilýän demir.

    • Piliň gulagyny gaýdyp gowşamaz ýaly etdim.

  4. Gazanyň daş gyrasyndaky eltutary.

    • Gara gazanyň dört gulagy bolýar.

  5. Tüpeňiň okuny göçürmek üçin barmak bilen gysylan ýeri, ok.

    • Annaguly tüpeňiň gulagyna barmagyny ýetirip barýardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  6. Suw akýan ýabyň gapdala sowulýan ýeriniň sakasy.

    • Ýabyň gulagyna böwet basmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gulak - gulagy.

atyn gulagy ýaly

Tapawudy ýok.

  • Onun üçin çaýyň garasy bilen gögüniň tapawudy atyň gulagy ýalydy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

gamyş gulak

Ujy çowly, dik gulak.

gaýçy gulak

Gaýçy ýaly ujy çowly gulak (at hakda).

gazan gulagyny gyzdyrmak

seret gazan

gulaga bal bolup dammak

Gulagyna ýaramak, gulagyna ýakymly eşidilmek.

  • Onun geplän gepleri Muhammediň gulagyna bal bolup damdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

gulaga degmek

seret gulaga ilmek gulaga ilmek

  • »Haýt-haýt» diýen owaz Kösäniň gulagyna degýär. («Görogly» eposy)

gulaga ilmek

Bir zat barasynda bir habar eşidilmek, eşitmek.

  • Gülendamyň şu sözler gulagyna ildi. («Görogly» eposy)

gulaga ýakmak

Aýdylan söz, edilen gürrüň göwnüňe ýaramak, göwnüňden turmak, begendirmek, halamak.

  • Dolan aý hem gökden ýagtysyn salýar, Gulagma ýakýardy agşamyň sazy. (R. Seýidow, Saýlanan eserler)

gulaga ýetmek

Habardar bolmak, eşidilmek.

  • Bu habar onuň-da gulagyna ýetdi. (Sowet edebiýaty» žurnaly)

gulagy agyr

Gowy eşitmeýän, ker.

  • Onuň gulagy agyrdy.

gulagy mis ýaly bolmak

Örän sak, ýiti bolmak, örän eşitgir bolmak.

  • Olar şeýle assa gürrüň edýärdiler welin, eger üç ädim ýakynlarynda duran adamyň gulagy mis ýaly bolaýmasa, olaryň sözünden many aňşyryp biljek däl. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

gulagyna guýmak

Öwran aýtmak, düşündirip aýtmak, berk tabşyrmak.

  • Babaň aýdanyny ýadyňda sakla! -- diýip, gulagyma guýdy. («Mydam Taýýar» gazeti)

gulagyny gapmak

Gulagyny ker edip barmak, wagtlaýynça eşitmez etmek.

gulagyny ýazdyrmak

Gulagyna goýbermek, gulagyny gysmak, atmak (tüpeň, hakda).

gulagyň kamata gelmek

Bir zady köp eşidip irmek, ýüregiňe düşmek.

  • Radiatory hemdeşilen ýanlyk ýaly, suw saklanok -- diýip, şofýor zeýrendi welin, gulagym kamata geldi. («Tokmak» žurnaly)

gulak asmak

  1. Diň salmak, diňlemek.

  2. Aýdylan, diýlen zady ýerine ýetirmek.

gulak gabartmak

Gulak asmak, diň salmak, eşitjek bolmak.

  • Adamlar şol aýylganç sese gulak gabartjak ýaly etdiler-de, ýene söz ugurlaryna gitdiler. (M. Ybrahimow, Ol gün geler)

gulak ganmak

Bir at barada köp eşidip, pugta ýadyňda galmak.

  • Kakajandan gulagy ganan çaga enaýyja gözlerini tegeläp, Artyga barmaklaryny uzatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gulak gapylmak

Güýçli ses we ş. m. zerarly gulagyň ker bolmak, eşitmekden galmak.

gulak gaýmak

Gulak asmak, diň salmak, diňlemek.

  • Şahym, gulak goýsanyz. Bizden size maslahat. («Midam Taýýar» Gazzeti)

gulak gaýtartmak

Tüpeňiň çakmagyny çekmek, atmaga häzirläp goýmak.

  • Halnazar şol oýlardan soň, soňky wagtda edinen sapançasyny eline aldy okyny barlady, gulagyny gaýtardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gulak gazamak

Birine bir zady köp aýtmak, ýatladyp durmak.

gulak germek

Üns bilen diňlemek, gulak asmak.

gulak gyrpmak

Gulagy ýapyrmak (at, düýe, eşek we ş. m. hakda).

  • Gyrat agzyny açyp, gulagyny gyrpyp topuldy. («Görogly» eposy)

gulak paslamak

Köp wagtlap eşitmezlik, köp wagtlap diňlemezlik (köplenç aýdym, söz we ş. m. hakda).

gulak salmak

seret gulak asmak gulak asmak

  • Gulak sal soýgülim, habar bereýin, Artelmizde öň hatarda barýaryn. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

gulak şanlamak

Gulakda sesemek germek, gulakdaky ses ýaňlanmak.

gulak ýetini guratmak

Bir zady köp agzap, halys ýadatmak, aýda-aýda bizar-peteni çykarmak.

  • Gurluşyk diýip, gulak ýetimi guratdylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

gulakda galmak

Aýdylan zat berk ýatda galmak.

piliň gulagynda uklamak

seret uklamak

tamda gulak bar

«Ätiýaçly bol, aýdylýan gürrüňiň eşidilmegi, diňlenmegi mümkin» diýen manyda ulanylýan söz düzümi.


Duş gelýän formalary
  • gulaga
  • gulagam
  • gulagy
  • gulagy-da
  • gulagydyr
  • gulagym
  • gulagyma
  • gulagymam
  • gulagymda
  • gulagymdan
  • gulagymy
  • gulagymyz
  • gulagymyza
  • gulagymyzda
  • gulagymyzdan
  • gulagymyzy
  • gulagymyň
  • gulagyn
  • gulagyna
  • gulagynam
  • gulagynda
  • gulagyndadyr
  • gulagyndaky
  • gulagyndan
  • gulagyny
  • gulagyny-da
  • gulagynyň
  • gulagynyňam
  • gulagyň
  • gulagyňa
  • gulagyňam
  • gulagyňda
  • gulagyňdan
  • gulagyňy
  • gulagyňyz
  • gulagyňyza
  • gulagyňyzy
  • gulakda
  • gulakdaky
  • gulakdan
  • gulaklam
  • gulaklar
  • gulaklara
  • gulaklaram
  • gulaklarda
  • gulaklardan
  • gulaklardyr
  • gulaklarmy
  • gulaklary
  • gulaklarydyr
  • gulaklarym
  • gulaklaryma
  • gulaklarymyň
  • gulaklaryn
  • gulaklaryna
  • gulaklarynda
  • gulaklaryndan
  • gulaklaryny
  • gulaklarynyň
  • gulaklaryň
  • gulaklaryňam
  • gulaklaryňy
  • gulaklaryňyzy
  • gulakly
  • gulaklyk
  • gulaklysyny
  • gulaklyň
  • gulaksyz
  • gulaksyzlyk