gulaç 1

Gap etmek üçin irimçik dokalýan önüm.

  • Ol uzak gije gulaç dokardy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Garry ene ýüň egirýär, gulaç dokaýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gulaç - gulajy.

gulaç 2

Iki goluny giň gerdenindäki uzynlyk.

  • Onuň basjak ýerleri hem bir gulaç galýarmyş -- diýen myş hem bar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Gulaç-gulaç saçymy daratmady wagtynda. (Lale)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gulaç - gulajy.


Duş gelýän formalary
  • gulaja
  • gulajam
  • gulajy
  • gulajym
  • gulajyn
  • gulajyna
  • gulajyny
  • gulajyň
  • gulaçdan
  • gulaçdanam
  • gulaçdyr
  • gulaçlar
  • gulaçlar-da