gul at

  1. Taryh termini Hiç zada hukugy, ygtyýary bolmadyk, ykbaly eýesiniň elinde bolan adam; özge ýurtlardan getirilip, biriniň eýeçiligine berlen (adam).

  2. Göçme manyda Umuman adam, ynsan.

    • Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna. (nakyl)

    • Bendige etme hyýanat, Barça gul taňryga raýat. (Magtymguly)

  3. Göçme manyda Biriniň garamagynda bolmaga, erk-ygtyýaryna gürrüňsiz boýun bolmaga razy, kaýyl adam.

    • Aýdyň ol ýarymga meniň, zyndan içre bolganym, Saçlaryny saldaýyp, kylsyn azat men guluny. (Magtymguly)

  4. Garynjaly, garnuwly, igiň antonimi.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem gul - gulum, guluň.