gujurly sypat

  1. Gujur-kuwwaty bar bolan, güýçli, zor.

    • Ýüregi joşgunly, gujurly golly. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda Dogumly, gaýratly, başarjaň.

    • Howp Watanyň üstüne abanan Wagty Wepa ýaly gujurly ýigitler durup bilermi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Diňe bir-iki sany gujurly ogly bardy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Şol halatda onun gujurly ýigide gözi düşdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

    • Gujurly işlemek.