gujur at

  1. Güýç, kuwwat, energiýa.

    • Sakar atyň ýylanyňky ýaly ýalmanýan uzyn dili onda aýratyn bir gujuryn baryny mälim edýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Göçme manyda Gaýrat, başarjaňlyk, dogumlylyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem gujur - gujrum, gujruň, gujry.


Duş gelýän formalary
  • gujry
  • gujurdan
  • gujurly
  • gujurlylygy
  • gujurlylyk
  • gujurlynyň
  • gujursyz
  • gujursyzlyk