guduz

  1. Nerw sistema zyýan ýetirýän ýokançly kesel.

    • Ol it guduzlapdyr.

  2. Göçme manyda Ýykyp-ýumrup ýören, zabun.

    • Bahargül, men nemesleriň eline düşdüm, ol guduzlar dünýäniň iň aýylganç azaplary bilen bizi gynadylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Göçme manyda Tertipsiz, garagol, ýoknasyz (köplenç çaga hakynda).

guduz açmak

  1. Wagşylaşmak, ýyrtyjy bolmak, örän rehimsiz bolmak, guduzlamak.

    • Gitler däliräpdir, guduz açypdyr. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  2. Ýakymsyzlyk etmek, garagol bolmak.