guşluk1

  1. Günüň guş uçum belentligine galýan wagty, günüň ýaňy ýokary saýlanyp başlan wagtlary.

    • Gün guşluk galan wagty bularyn howlusyna üýtgeşik myhmanlar gelip girdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Wagt guşlukdan geçdi. («Mydam Taýýar» gazeti)

    • Bugün eýýäm guşluk bolupdyr. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Gün guşluga gelende işiň depgini güýçlenip ugrady.

  2. Gündogar bilen günbataryň aralyk tarapy.

    • Guşlukdan bir otly göründi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem guşluk - guşlugy.

guşluk2

Guşuň köp ýeri, guşuň köp bolýan ýeri.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem guşluk - guşlugy.