guýy

  1. Suw üçin ýerin suwly gatlagyna çenli gazylan çuň çukur.

    • Myralyny çöl içindäki bir guýa taşlapdyrlar. (Myraly)

    • Annaguly gelip, bedresini guýa sallamaga durdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Dürli tehniki bähbitler üçin burawlanyp gazylan çuň çukur, skwažina.

    • Nebit guýularynyň sütünleri hatar- hatar bolup görünýär. (B. Pürliýew, Ikinji gün)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem guýy - guýuda, guýular, guýusy.

guýynyň düýbüne düşen ýaly bolmak

Başy bilen gitmek, dereksiz gitmek.

iňňe bilen guýy gazmak

Amala aşyryp bolmajak gaty kyn işe başlamak.