guýunmak işlik

Çaý, nahar we ş. m. zadi gaba guýup almak, özüň üçin guýmak.

  • Käsä çaý guýundym.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem guýunmak - guýnar, guýnupdyr.