guýruk

  1. Haýwanyň oňurga ujasynyň uzalyp gidýan inçe bölegi.

    • Sygyrlar sapanly guýruklaryny bulaýlap, molaýardylar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Sygryň guýrugynda pyçak döwme. (nakyl)

  2. Käbir malyň (goýnun) türre tarapyndaky ýumşak bölegi.

    • Guýruklaryny mazaly tegelän bag goýny gördi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  3. Her bir zadyň syrty, syrtky bölegi, yz tarapy.

    • Kepderiniň guýrugy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem guýruk - guýrugy.

gaýçy guýruk

Arasy açylyp duran, gaýça meňzeş guýruk.

guýruk gapdyrmak

Möjek bilen uraşan ite goýnuň guýrugyny iýdirmek.

  • Möjekler bilen gemrişip, munça iş bitiren itlere bir guýruk gapdyraýyn. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)