guýmak1 işlik

  1. Bir gapdan başka gaba dökmek, gapgarmak.

    • Kesesindäki çaýy çaýnegine guýjak bolanda, daşyna dökdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Metal ergininden ýa-da palçykdan bir zat ýasamak, etmek.

    • Çoýundan kündük guýmak.

    • Kerpiç guýmak.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem guýmak - guýdum, guýduň, guýupdyr.

gulagyna guýmak

seret gulak

  • Babaň aýdanyny ýadyňda sakla -- diýip, gulagyma guýdy. («Mydam Taýýar» gazeti)

guýmak2

Gowrulan una azajyk ýag, suw garylyp bişirilýän nahar.

  • Ol ertirden bäri ýekeje çemçe guýmak iýdi.