gozgatmak işlik

[go:zgatmak]

Ýerinden süýşürtmek, ýerinde üýtgetdirmek, ýerinden gymyldatdyrmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gozgatmak - gozgadýar, gozgadar, gozgadypdyr.