Galmagal, zenzele.
Obanyň içinde iki ýana ylgaşyp, gowur edýärler. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Bakyň, baban ýaşy ýese-de çene, biderek gowur etdi düşünmän çyna. (N. Pomma, Goşgular)
Onuň yzy bilen üçünji ýerden gowyr turdy. (H. Ysmaýylow, Powestler)
Mallaryň, adamlaryň sesleri obanyň üstünde gowur ýaly bolup ýaňlanýardy. (H. Ysmaýylow, Powestler)
Klasyň içi gülki, gowur bilen doldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem gowur - gowrum, gowruň, gowry.