gowulyk go‧wu‧lyk

  1. Gowy haldalyk, oňatlyk, ýagşylyk.

    • Senden gowulyk tamasyny edip duramzok. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Şu gün jarçy gygyryp başlanda, gowulygyň bolmajagyny bilipdim. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  2. Dialektal söz seret elbukça

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gowulyk - gowulygy.


Duş gelýän formalary
  • gowulyga
  • gowulygam
  • gowulygy
  • gowulygymyz
  • gowulygyna
  • gowulygyndan
  • gowulygyny
  • gowulygynyň
  • gowulygyň
  • gowulygyňyz
  • gowulykda
  • gowulykdan
  • gowulykdygyny
  • gowulykdyr
  • gowulyklar
  • gowulyklara
  • gowulyklardan
  • gowulyklary
  • gowulyklarydyr
  • gowulyklaryna
  • gowulyklaryndan
  • gowulyklaryny
  • gowulyklarynyň
  • gowulyklaryň
  • gowulyklygyny