Berk däl pugta bolmadyk, yranyp duran, agaç goçak dikilipdir.
Göçme manyda Dogumly däl, emelsiz, sölite, lellim.
Şolaryň içinde iň gowşagy men bolamsoň siziň eliňize düşdüm. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ökde däl, güýçli däl, pes, az düşünjeli.
Degerli däl, çala, ýuwaş, gorkak.
Gaty däl, ýumşak.
Bu köpgi gowşak torlanypdyr.
Baş, çala.
Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýar. (nakyl)
Pes depginli, ýaramaz, haýal.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gowşak - gowşagy.
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.