gorp

Köwlen ýer, çuň çukur.

  • Köpjäniň agzy birdenkä, bir gorpa giripdir. (Myraly)

  • Wüşi keliň giden ýoly bir gopdy geçip, köne galanyň ileri çeti bilen köçä düşmelidi.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem gorp - gorpum, gorpuň.

gorp atmak

  1. Dagyň, jaýyň we ş. m. aşagy köwülmek, oýulmak, ýerde boşluk emele gelmek.

    • Haýatyň aşagy gorp atypdyr.

  2. Ýagdaýyň erbetleşmek, howp döremek.

    • Düýbüň gorp atypdyr, köküň çüýräpdir. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Aýagynyň asty gorp atyp barýan hanyň öňünde dowully waka sagat saýyn gyzyp gitdi göwnüme bolmasa, onuň hem aýagynyň asty gorp atýan ýaly, şu gün ýa erte o-da gürpüldär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)