gorky

Bir zat sebäpli däreýan wehi; heder etmek duýgusyny, güýçli tisginiş.

  • Onuň ýüzünde gorkynyň we howlukmaçlygyn hemişe agdyklyk edýän bir keşbi önküligine golýardy. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)

  • Häzirki ýaly Aýgytly minutda gorkyny, howatyry diňe namartlar agzap biler, tiçenko onuň beşbinde gorkundan, dowuldan hiçbir zat saýgarmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol adam turjak bolanda turup bilmän, gorkusyna çirkin gygyrypdyr. (N. Pomma, Sebabiňi Soň Bildim)

  • Gorkynyň ölüme haýry ýok. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem gorky - gorkuda, gorkular, gorkusy.

gorka düşmek

Gorkyly ýagdaýda bolmak, gorkmak.

  • Bäbek, atlymydyň ýa pyýada -- diýip, özüniň gorka düşmegi bilen sorady.