gorkuzmak işlik

  1. Garaşylmadyk hereket bilen zähresini ýarmak, allaniçigsi tisgindirmek, ürküzmek.

    • Duýdansyz üstüne baryp gorkuzmak.

  2. Belli bir hereket bilen heder etdirmek, ätiýaç etdirmek.

    • Mährijemal bada-bat agasynyň gorkuzmak ýoly bilen aýtalyran sözlerini ýene gaýtalapdyr. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Olar özleriniň şu hileler bilen sekiz batyry gorkuzyp, howsala saljak boldular.

  3. Howp salmak, gorky salmak.

    • Aýtmady diýmäň, kimde-kim meni gorkuzjak bolup garşymdan çyksa ýa-da meniň bilen ýaka tutuşsa, menden eýgilik tamasyny etmesin. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Derýanyň joşmagy halky gorkuzdy.


Duş gelýän formalary
  • gorkuzaly
  • gorkuzan
  • gorkuzanam
  • gorkuzandygymy
  • gorkuzandygyny
  • gorkuzandyklaryny
  • gorkuzanlygy
  • gorkuzanokdy
  • gorkuzany
  • gorkuzanym
  • gorkuzanyny
  • gorkuzar
  • gorkuzardy
  • gorkuzarsyň
  • gorkuzaryn
  • gorkuzarys
  • gorkuzaýyn
  • gorkuzdy
  • gorkuzdylar
  • gorkuzdym
  • gorkuzdyň
  • gorkuzjak
  • gorkuzma
  • gorkuzmady
  • gorkuzmaga
  • gorkuzmagy
  • gorkuzmagym
  • gorkuzmagyny
  • gorkuzmagyň
  • gorkuzmajak
  • gorkuzmajakdygyny
  • gorkuzmak
  • gorkuzmakdan
  • gorkuzmaklygy
  • gorkuzmakçy
  • gorkuzmalar
  • gorkuzmalara
  • gorkuzmalary
  • gorkuzmaly
  • gorkuzmarsyň
  • gorkuzmasa-da
  • gorkuzmasana
  • gorkuzmazlyga
  • gorkuzmazlyk
  • gorkuzmaýar
  • gorkuzsa
  • gorkuzybam
  • gorkuzyp
  • gorkuzypdy
  • gorkuzypdylar
  • gorkuzypdyr
  • gorkuzypdyrlar
  • gorkuzýan
  • gorkuzýandygyny
  • gorkuzýany
  • gorkuzýar
  • gorkuzýardy
  • gorkuzýardylar
  • gorkuzýarlar