gorkmak işlik

  1. Bir zatdan, hereketden we ş. m. heder etmek, gorky duýgusy peýda bolmak, ürkmek.

    • Mährijemal gorkup: --Waý -- diýip gygyrdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Gorkana goşa görner. (nakyl)

  2. Heder etmek, ätiýaç etmek, çekinmek.

    • Biz ähli mugallymlar bolup ondan gorkardyk. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem gorkmak - gorkdum, gorkduň, gorkupdyr.

gorkan öňürder etmek

Ätiýaç edip, bir zady öňünden aýtmak, ýerine ýetirmek.

  • Iwan, gorkan öňürder etme. (B. Kerrbabaýew, Aýgytly ädim)