gorkak

Batyr däl, towşan ýürek, gorkup ýören.

  • Gorkaklar, namartlar, dönükler bolsa masgaralanýar we galyndyrmaz gargyş aşagynda galýarlar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Kakam könelişen garry adam, sen ondan hem beter gorkak bolupsyň. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ol pikir meni göterip, namyssyz, gorkaklar hatarynda goýdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Gorkagy kowsaň, batyr bolar. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gorkak - gorkagy.