gorjamak işlik

[go:rjamak]

  1. Dörjelemek, ölçermek.

    • Ody gorjasaň-öçer, goňşyňy gozgasaň-göçer. (nakyl)

  2. Bir zadyň içini arassalamak üçin dyrmalamak.

    • Ol şybygynyň içini gorjady-da, ýene onuň ajy tüssesini içine sordy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  3. Bolup geçen zady ýaňadan gozgamak, agzamak.

    • Öten ýylky meseläni gorjaýarlar.