goltuklamak işlik

  1. Goltugynda götermek, goltugyna alyp götermek, goltugyna almak.

    • Aýsoltan geýimini goltuklap, hammama bakan gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Biriniň goltugyndan tutmak, biriniň goltugyna girip götermek, goltugyndan tutup ýöremek, kömek etmek.

    • Suwa gark bolan adamy goltuklap, daýzam alyp gelýärdi. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)

    • Ol ýoldaşyny goltuklap, nämedir bir zat barada gürrüň berýärdi.