goltuk gol‧tuk

  1. Goluň egin bilen birleşýän ýeriniň aşagy.

    • Onuň goltugyna ýara çykypdyr.

  2. Ýan bilen goluň arasyndaky boşluk, giňişlik.

    • Men ony goltugyma alyp, doktora äkitjek boldum. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Şonda Gurt özüniň ýaraly komandiriniň goltugyna girip alyp çykdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Goltugymdan dökülse- gonjuma. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem goltuk - goltugy.

goltukdan götermek

Ýardam etmek, kömek edip aýaga galdyrma, gurplandyrmak.


Duş gelýän formalary
  • goltuga
  • goltugy
  • goltugym
  • goltugyma
  • goltugymda
  • goltugymdaky
  • goltugymdan
  • goltugymy
  • goltugymyzda
  • goltugymyň
  • goltugyn
  • goltugyna
  • goltugynda
  • goltugyndady
  • goltugyndaky
  • goltugyndan
  • goltugyny
  • goltugynyň
  • goltugyň
  • goltugyňdan
  • goltugyňy
  • goltugyňyzyň
  • goltukda
  • goltukdan
  • goltuklary
  • goltuklaryna
  • goltuklarynda
  • goltuklaryndan
  • goltuklaryny
  • goltuklarynyň
  • goltuklaryň